CAYLA

2023
Arzalaryñ kabul edişi ýapyldy
Dünýä yzygiderli üýtgeýär
Maşyn öwrenmek, blokçeýn, metadünýä, giňeldilen hakykatda hirurgiýa — biz her gün täze bir zat bilen ýüzbe-ýüz garşylaşýarys. Ertir dünýä başgaça bolar. Bu gün ol eýýam başga.
Biz nähili üýtgeýäris? Dostlarymyz (joralarymyz), kärdeşlerimiz, hyzmatdaşlarymyz nähili üýtgeýärler? Biziň garaýyşlarymyz we gymmatlyklarymyz, maksatlarymyz we arzuwlarymyz — bu dünýäde hemişelik zat barmy?

Howanyň üýtgemegi, bütindünýä krizis, açlyk, garyplyk, sosial deňsizlik. Näme üçindir, köp adamlar bu üýtgeşmeleriň olara täsir etmejekdigi baradaky hyýalda ýaşaýarlar. Bularyň hiçisi meni şahsy gyzyklandyranok, bary bilen men hiç zat edip bilemok. Onda kim edip biler?
Biz
dünýäni üýtgedýäris
CAYLA — Merkezi Aziýanyň Ýaşlar Liderlik Akademiýasy — Merkezi Aziýadan gelen ýaş liderleriň arasynda okamak we aragatnaşyk gurmak üçin interaktiw meýdançasydyr.
CAYLA-da öz birleşikleriň we umuman raýat jemgyýetiniň ösüşine goşant goşmaga taýyn bolan adamlar duşuşýarlar, bu bolsa dünýäni gowulaşdyrmak diýmekdir.
2023-nji ýylda CAYLA üçünji topar üçin kabul edişi yglan etdi. 18 ýaşdan 30 ýaş aralygyndaky Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň işjeň raýatlaryny dünýäniň çylşyrymlylygy we ondaky ähli zadyň biri-biri bilen baglanyşygy, durnukly we dikeldiş ösüşi we global raýatlyk barada dogruçyl söhbetdeşlige çagyrýarys.

Bu çylşyrymly dünýä täze pikirlere mätäç. Bilelikde täzeden pikirlenmek we bir zatlary döretmek hakda näme pikir edýärsiňiz?

CAYLA — |
liderlige täze garaýyşlar bilen seretmek

Fokus
sosial meselelerini çözmek üçin "şablonlary" täzelemek we kämilleşdirmek
öz we hünär ösüşi
merkezi Aziýanyň medeni we taryhy mazmuny
CAYLA-nyň fokusynda näme?
Gymmatlyklar
dünýä dörejilikli garaýyş
her bir adamyň gymmatlygy
dürlülik we öz içine alyjylyk
raýdaşlyk
raýat jogapkärçiligi
özüň we başgalar bilen dogruçylyk


Bilýäňmi...

... CAYLA okuw çärelerine Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden 340-den gowrak ýaş jemgyýet liderler we aktiwistler gatnaşdy. Olar maksatnamanyň dowamynda beýleki şäherlerden we ýurtlardan pikirdeş adamlar bilen duşuşdylar, döwlet işgärleri we raýat jemgyýeti pudagynda işleýän tejribeli guramalar bilen öz maksatlaryny, gymmatlyklaryny we oňyn ösüş isleglerini paýlaşýan tejribeli guramalar bilen aragatnaşyk gurdular.
CAYLA haýsy gymmatlyklardan ybarat?
Näme barada gürleşýäs
ulgam
we tankydy düşünje
BANI-dünýä
kynçylyklar, trendler, paradigmalar
raýat jemgyýeti we onuň orny
dikeldiji
ösüş
gelejek bilen işleýiş
innowasiýalaryň tebigaty
raýat gatnaşmagyň täze görnüşleri
stereotipler
bilen işlemek
özüne we jemgyýetdäki ornuna düşünmek
Nädip işleýäs
özümize we töweregimizdäki dünýämizi aňlaýarys

hyzmatdaşlyklary ösdürýäs
taslamalarymyzy döredýäris
özümiz galýarys

resmi däl intellektual gurşawy goldaýarys
Maksatnamanyň esasy iş dili rus dilidir. Umumy sessiýalary we toparlaýyn işleri iňlis diline terjime etmek mümkinçilik bar.
sosial täsir ediş ýoluňy düşünmek
adamlar we guramalar bilen işlemek ukyby
CAYLA-a gatnaşmak näme berýär?
pikirdeşleriň birleşigi
näbellilik şertlerde ýagdaýy dolandyrmak ukyby
taslamany dolandyrmagyň çemeleşmeleri we gurallary
taslamaňy işläp düzmekde halypalaryň goldawy
Ýene-de bir zat..

CAYLA-nyň gatnaşyjylary, tälimçiler bilen bilelikde “Taslamany döretmek we dolandyrmak”, “Täsirli aragatnaşyk”, “Döredijilik we tankydy pikirlenmek”, “Köpçüligiň öňünde çykyş etmek”, “Fandraýzing”, “Gözegçilik we baha bermek” ýaly bilim modullaryny özleşdirýärler. Şeýle hem, özbaşdak öwrenmek üçin, olar goşmaça modullar toplumyna girip bilerler.
Seniň CAYLA-daky ýoluň

Arzaňy tabşyr
12.03.2023 çenli

Birinji düşüşyk
dostlaryň / joralaryň bilen paýlaş

12.05.2023
Oka we synanyşyp gör

— gatnaşyjylaryň umumy toparda okuw sapaklary
— toparlarda amaly iş
— hünärmenler bilen duşuşyklar
— beýleki gatnaşyjylaryň we tälimçileriň pikirleri
— indiki ädimlere düşünmek
seminar: Almaty, Gazagystan
Taslamaňy
işläp gutar
23.06 we 07.07.2023
tälimçileriň we kuratorlaryň goldawyny al
toparlaýyn iş gur
taslama teklibini ýaz

Grant bäsleşigi üçin taslama arzaňy iber
12.06–12.07.2023
Grant bäsleşigi barada has giňişleýin öwren

Aragatnaşykda ga
14.09, 28.09, 12.10, 26.10.2023
birleşik bilen duşuş
tejribäň bilen paýlaş
gujurdan güýçlen (dir)
Arzalaryñ kabul edişi ýapyldy
— ähli gatnaşyjylaryň duşuşygy
— bilim maksatlaryňy kesgitle
— CAYLA-nyň işleýşine düşünmek
online
offline
29.05–04.06.2023
online
online
Gatnaşyjylar
birleşigiň ösüşine gatnaşmak we sebitiň durnukly ösüşine goşant goşmak isleseň
CAYLA-da saňa garaşýas, eger-de
biziň ýaşaýan dünýämiz üçin jogapkärçiligiň özümizden başlaýandygyna ynansaň
şahsy we hünär başarnyklaryňy ösdürmäge taýyn bolsaň
sosial taslamaňy döretmäge we durmuşa geçirmäge taýyn bolsaň

özüňi we daş-töweregiňi täzeden gözden geçirmäge taýyn bolsaň
arza berlende 18-30 ýaş aralygynda bolmaly
Gatnaşyjylaryň saýlaw ölçegleri
indiki döwletleriň birinde raýatlyk we ýaşamak: Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan
maksatnama gatnaşmaga esasly höwes
meýletinlik ýa-da jemgyýet bilen başga iş görnüşi
jemgyýetiňiziň we sebitiňiziň ösüşine goşant goşmak üçin düzülen zerurlyk (öz sosial taslamaňyz barada pikirlenmek, arzaňyz üçin goşmaçadyr!)
maksatnamanyň doly sikline gatnaşmaga isleg
Bu maksatnama hemmeleri çagyrarlarmy?

CAYLA 120 adamy çagyrarys. Saýlaw prosesi açyk we bäsdeşliklidir. Jemgyýetçilik işinde, meýletin işlerde we jemgyýetçilik ösüş taslamalarynda tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Q&A
CAYLA-nyň kuratorlary we tälimçileri
  • Almaty, Gazagystan
    CEO Impact Hub Almaty
  • Berlin, Germaniýa
    resense360 esaslandyryjysy
  • Berlin, Germaniýa
    resense360-yň esaslandyryjysy
  • Almaty, Gazagystan
    Ýewraziýa gaznasynyň ýaşlar ösüş böleginiň ýolbaşçysy
  • Almaty, Gazagystan
    Elektron bilim dolandyryjysy, Ýewraziýa gaznasy
  • Aşgabat, Türkmenistan
    Maksatnama hünärmeni, Ýewraziýa gaznasy
  • Daşkent, Özbegistan
    Ýaşlaryň oňyn ösüşi boýunça hünärmeni, Ýewraziýa gaznasy 
Guramaçylar we hyzmatdaşlar
Merkezi Aziýanyň Ýaşlar Liderlik Akademiýasy CAYLA, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewraziýa Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýada bäş ýyllyk raýat jemgyýetine goldaw maksatnamasynyň bir bölegidir. Bu maksatnamanyň maksady Merkezi Aziýada işjeň we jogapkärli raýat jemgyýetini döretmek.
USAID – dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş gullugydyr we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar.

USAID-iň Merkezi Aziýa web sahypasynda we Facebook sahypasynda has giňişleýin öwrenip bilersiňiz.
Ýewraziýa gaznasy, 1992-nji ýyldan bäri raýatlara garaşsyz sosial-ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin mümkinçilikler döredýän telekeçilik däl guramadyr. Bu gazna ABŞ-nyň hökümeti we beýleki döwlet we hususy donorlar bilen hyzmatdaşlygy gowy dolandyryş, onlaýn öwreniş we medeniýetara alyş-çalyş ýaly ugurlarda başarnyklary we bilimleri geçirmek arkaly raýatlara durnukly jemgyýetleri gurmaga kömek edýär.

www.eurasia.org sahypasynda has giňişleýin öwrenip bilersiňiz.
Impact Hub Almaty — 2017-nji ýyldan bäri Gazagystanda we Merkezi Aziýada sosial täzelikçilere hemmetaraplaýyn goldaw berýän platforma. Dünýäniň bäş yklymynda 16,000-den gowrak agzasy bolan 100-den gowrak merkezden ybarat “Impact Hub Network” innowasiýa merkezleriniň bütindünýä ulgamynyň bir bölegi hökmünde Impact Hub Almaty durmuşy innowasiýalaryny yzygiderli ösdürýär.

impacthubalmaty.net sahypasynda has giňişleýin öwrenip bilersiňiz.
resense360 — durmuş innowasiýa, bilim, medeniýet we sungat, dikeldiji ösüş, guramalaryň ösüşi we raýat jemgyýetiniň ösüşi ýaly ugurlarda işleýän halkara guramadyr. resense360 öz işinde maslahat beriş, bilim we taslamany dolandyrmagy birleşdirýär.

resense360.org sahypasynda has giňişleýin öwrenip bilersiňiz.
Merkezi Aziýanyň Ýaşlar Liderlik Akademiýasy (CAYLA), Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýa” maksatnamasynyň çäginde Ýewraziýa gaznasynyň goldawy bilen guraldy.

Bu habarnama Amerikanyň halkynyň kömegi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen döredildi. Bu habarnamanyň mazmuny “Merkezi Aziýanyň Durmuş Innowasiýa” maksatnamasynyň ýeke-täk jogapkärçiligidir we hökmany suratda USAID-iň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň garaýyşyny görkezmeýär.

Bize ýaz:
CAYLA 2023 sosial ulgamlarda yzarla